TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Dünýäniň nobatdaky küşt çempiony kim bolar?

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde küşt boýunça dünýä çempiony derejesini almak ugrunda ýaryş dowam edýär. Noýabr aýynyň ahyrynda russiýaly Ýan Nepomnýaşiý bilen norwegiýaly Magnus Karlsen bu ýaryş başlady.

Häzirki wagta çenli iki küştçiniň arasynda 5 döw geçirildi. 5 döw deňme-deň tamamlandy. 5 döwden soňra hasap: 2,5:2,5.

Dünýäniň çempionyny kesgitlemek üçin 14 döw oýnalar. Şonuň netijesinde. 7,5 utuk gazanan küştçi çempion bolar.

Her iki küştçi bu ýaryş başlamazdan ozal 200 müň dollar möçberinde awans aldy. Çempionatyň umumy pul sylagy 2 million ýewro deňdir. Ýeňiji bolan çempionlyk derejesi bilen bir hatarda pul sylagynyň 60 göterimine eýe bolar. Ýeňlen küştçi bolsa pul sylagynyň galan 40 göterimine eýe bolar.

KÜŞT ÇEMPIONYNYŇ TARYHY

Küşt boýunça dünýä çempionyny kesgitlemek ugrundaky ýaryş 100 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilip gelinýär. Bu ugurda ilkinji ýokary derejäni 1886-njy ýylda Wilgelm Steýnis gazandy. Soňky on ýyllyklarda dünýä çempiony dürli usullar bilen kesgitlenýär. Soňky ýyllarda bolsa, soňky dünýä çempiony bilen çempionlyga dalaş edýän küşyçiniň arasynda ýaryş geçirilip başlandy.

MAGNUS KARLSEN KIM?

31 ýaşly Magnus Karslen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) reýtingi boýunça, dünýäniň iň gowy küştçisidir. Ol 2013-nji ýylda hindistanly Wişwanatan Anandy ýeňip, dünýä çempiony bolupdy. Norwegiýaly küştçi ilkinji gezek 23 ýaşynda çempion bolupdy. Soňky 8 ýylyň dowamynda bolsa 3 gezek bu derejäni gorady. Ol şol döwürde ýene-de Wişwanatan Anandy, Sergeý Karýakin we Fabiano Karuany ýeňdi.

Karslen küşt dünýäde birnäçe rekordlaryň hem eýesidir. Ol iň ýaş çempion bolan grossmeýster derejesiniň heme eýesidir.

 

Dünýäde 8 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle