MEDENIÝET

Dünýäniň iň uly suraty satyldy

Beýik Britaniýaly suratkeş Saşi Jafri tarapyndan çekilen dünýäniň iň uly suraty Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen söwda satuwynda 62 million dollara satyldy.

“Adamzat syýahaty” atly surat eseriniň ululygy 1,595,76 inedördül metr bolup, ol  70 çarçuwaly bölüme bölünýär hem-de onuň tutýan meýdany 4 basketbol meýdançasyna deňdir.

Iňlis suratkeşi bu eserini Dubaýdaky “Atlantis” myhmanhanasynda 7 aýyň dowamynda döretdi. Oňa şeýle ägirt uly eseri döretmekde dünýäniň çar künjeginden, ýagny 140 ýurtdan çagalaryň çekip iberen suratlary ylham çeşmesi boldy.

Ilkibaşda bu suraty 70 bölegi bölüp, ony dürli ýurtlarda satmak meýilleşdirilipdi. Ýöne soňra ony tutuşlygyna satmak kararyna gelindi. Oňa garaşylandna hem köp pul teklip edildi.

Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilen bu surat eserini fransiýaly işewür Andre Abdoune satyn aldy. Suratkeş işi üçin toplanan pullary garyp ýurtlarda çagalaryň saglygy goramagyna we bilimine iberjekdigini aýtdy.

– Biz 200 million çaga kömek bermek isleýäris. Her bir çaganyň internet arkaly bilim almagy ugrunda tagalla edýäris. Biziň maksadymyz garyp ýurtlarda ýaşaýanlara interneti elýeterli etmek – diýip, suratkeş belläp geçdi.

Suratkeş gazanan puluny ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki haýyr-sahawat guramalaryna iberer.

 

Türkmenabatdan Russiýa ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Täze film milli kinematografiýanyň taryhy barada gürrüň berer

Hytaý kompaniýasy horlanýan işgärlere goşmaça töleg eder

TÜRKSOÝ Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni üçin kitap çap etdi