MEDENIÝET

Dünýäniň iň owadan erkek adamy saýlandy

Hytaýly aktýor we aýdymçy Sýao Çžan dünýäniň iň owadan erkek adamy hökmünde saýlandy. Bu babatda “Nubia” onlaýn žurnalynyň gurnan ses berişlik çäresine 189 ýurduň raýatlary gatnaşdy.

Ýarym ýyla golaý pikir soraşma geçirildi. Şol döwürde bu pikir soraşma 11 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Netijede, “Söýgi kasamy”, “Söweş kontinenti” hem-de “Ätiýaçdaky goşunlar” ýaly seriallarda keşp janlandyran aktýor Sýao Çžan birinjiligi eýeledi. Bu artist üçin 2,2 milliondan gowrak adam ses berdi.

Ikinji orny günorta koreýaly aýdymçy Kim Thehen, üçünji orny ýene-de hytaýly aktýor, tansçy we alyp baryjy Wan Ibo eýeledi.

Şeýle hem bu sanawda aktýorlar Genri Kawill, Tom Holland we Timote Şalame, aýdymçy Jastin Biber hem-de portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo orun aldy.

 

 

Maýmyn mama keseli: ilkinji wakalar we adatdan daşary ýagdaý

Related posts

«Daragt» çeper filmi Täjigistanda halkara baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ahyrky garagyş

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Dr.Döwran Orazgylyjov