JEMGYÝET

Dünýäniň iň gymmat baly

Türkiýäniň dag gowagynda ýygnalan “Centauri” atly türk baly dünýäde iň gymmat bal diýlip ykrar edildi. Bu balyň bir kilogramyny satyn almak üçin adamlar 10 müň ýewro harçlamaly bolarlar diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýty habar berýär. Gymmat bahaly baly deňiz derejesinden 2,5 km belentlikde, Türkiýäniň şäherlerinden we obalaryndan uzakda ýerleşýän gowakda alynýar. Bu bal ekologiki taýdan arassa hasaplanylýar. Şol gowakda ýaşaýan ýerli arylar beýleki ary maşgalalaryndan çetki ýagdaýda ýaşaýarlar we olar bilen garyşmaýarlar.

Bu baly satýan kompaniýanyň aýtmagyna görä, balyň reňki ýapyk reňkde bolup,ajy tagamy berýär. Onuň düzümi magniý, kaliý, fenollar, flawonoidler we antioksidantlardan ybarat bolup durýar. Bu maddalar  gowagyň töwereginde ekilen dermanlyk ösümliklerden bala düşýär. Türkiýede adatça baly möwsümde 2-3 gezek alynýan bolsa, onda “Centauri” atly gymmat bahaly balyny ýylda bir gezek alynýar.

 

Hepdelik täleýnama (15-21-mart)

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler