JEMGYÝET

Dünýäniň iň garry zenany 119 ýaşady

Dünýäniň iň garry zenany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýaponiýaly Kane Tanaka Täze 2022-nji ýylda 119 ýaşyny belledi. Bu barada Ýaponiýanyň “Kyodo” habarlar gullugy habar berýär.

Tanaka Fukuoka prefekturasyndaky garrylar öýünde ýaşaýar we koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyk mümkinçiligine eýe däldir.

Ýaponiýaly Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dünýä indi. Onuň adamsy we uly ogly Ikinji jahan urşy döwründe aradan çykdy. Tanaka bütin ömrüni uruşdan ozal açylan tüwüden bişirilen çörejikleri satýan dükanda işledi. 1970-nji ýyllarda pensiýa çykandan soňra birnäçe gezek ABŞ-da boldy.

Ol 2005-nji ýyldan bäri Fukuoke prefekturasyndaky garrylar öýünde bolýar. Tanako irden turýar, stoluň üstünde oýnalýan oýunlary oýnamagy halaýar we süýjüliklerden bolsa asla ýüz öwürmeýär.

Ol 103-nji ýaşynda düwnük çişmeden operasiýa edildi we şondan bäri ony başga hiç hili çynlakaý agrylar ynjalyksyzlandyrmaýar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi maglumatyna görä, uzak ýaşamakda absolýut rekord fransiýaly Žanne Kalmana degişlidir. Ol 1997-nji ýylyň awgustynda 122 ýyl we 164 gün diýlende aradan çykypdy.

 

Messi hem koronawirus boldy

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi