DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy

Dünýäniň garry ýaşaýjysy hasaplanylan ýaponiýaly Kane Tanaka 119 ýaşynda aradan çykandan soňra 118 ýaşly fransiýaly Andre Ýer şarynyň iň garry ýaşaýjysy hökmünde ykrar edildi.

Ol Fransiýanyň günortasyndaky garrylar öýünde ýaşaýar. Monastyryň ustawy boýunça ýaşamaga kasam eden terkidünýä Andre (doglan wagtyndaky ady – Lýusil Rendon) şol bir wagtda kronawirus ýokanjyny ýeňip geçen iň garry hassa diýip hem kabul edilýär.

Ol 2021-nji ýylyň başynda bu ýokanç kesel bilen keselläp, 117 ýaşyndan bu keselden gutuldy.

Bu uzak wagtlap ýaşaýan zenan 1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda dünýä indi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda çagalara seretdi. Soňra 28 ýyl hassahanada işledi.

Garrylar öýüniň işgärleriniň aýtmagyna görä, Andre şokolady gowy görýär.

 

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar