DÜNÝÄ

Dünýäniň iň çuň howuzy açyldy

Dünýäniň iň çuň howzy bolan “Deep Dive Dubaý” Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) ulanmaga berildi. Dubaýyň Nad Al Şeba etrabynda ýerleşýän howuz 60 metr çuňlukda we 14 million litr suw saklap bilýär. Şeýle hem howuz suw astyndaky şäher bilen guwwazlaryň ünsüni özüne çekýär.

Ygtyýarlylar howuzyň suwunyň her alty sagatdan arassalanýandygyny we suwuň temperaturasynyň hemişe 30 derejede saklanýandygyny habar berdiler.

Beýleki tarapdan, 1500 inedördül metrlik desgada dükan we dürli çäreler we maslahatlar üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Binanyň aşaky gatynda ýerleşýän uly meýdançalarda restoranlar hem bar.

 

Ýewro-2020 finaly: Italiýa – Angliýa

Related posts

Koronawirus sanjymy işläp düzen lukmanlaryň suraty ýewroda goýlar

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri