Dünýäniň iň beýik binasynda “Gagarin” hormatlandy

Düýn hem habar berişimiz ýaly, 12-nji aprelde Bütindünýä kosmonawtika güni bellenilip geçildi. Birleşen Arap Emirliklerinde hem kosmonawtika güni adaty ýagdaýda bellenilip geçildi. Kosmosa uçan ilkinji adam Ýuriý Gagarin hakda gysga wideoşekiller dünýäniň iň beýik binasynda görkezildi. Bu barada “Vesti.ru” saýty habar berýär.

Kosmos uçuşynyň 60 ýyllygy mynasybetli Dubaýyň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýäniň iň beýik binasy diýip atlandyrylýan “Burj al-Halifa” binasynda Gagarin hakda taýýarlanan wideony öz  gözleri bilen tomaşa edipdirler.

“Ýuriý Gagariniň uçuşy Birleşen Arap Emirliklerini we bütin dünýäni ruhlandyrdy, şeýle hem ägirt uly kosmos meseleleriniň düýbüni tutdy” diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ösen tehnologiýalar boýunça ministri Sara al-Amiri buýsanç bilen belleýär.

Gagariniň hormatyna görkezilen wideoşekiller “Durmuşda ýerine ýetirip bolmajak zat ýok” sözleri bilen jemlendi.

 

Türkmen-katar işewürlik gatnaşyklary ösdüriler