TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň ilkinji ingalýasion koronawirus sanjymy taýýarlandy

Dünýäde emele gelen hem-de ähli ugurlarda köp sanly kynçylyklary ýüze çykaran koronawirus ýokanjyny aradan aýyrmak üçin tagallalar edilýär. Munuň üçin dünýäniň köp sanly ýurdunda sanjym taýýarlamak işleri dowam edýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de dünýä döwletleriniň özara tassyklanan sanjymlary boýunça dünýäde köpçülikleýin sanjym işleri dowam edýär. Soňra maglumatlara görä, 7 milliard 450 million dozadan gowrak sanjym edildi.

Ine, bu wehim ýokanja garşy göreşiň dowam edýän döwründe dürli tabletka hem-de beýleki görnüşlerde sanjymlar hem öndürilmegi dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da we Russiýada bu wirusa garşy derman serişdeleri öndürilen bolsa, Hytaý ingalýasion görnüşde koronawirusa garşy sanjym taýýarlap, ony tanyşdyrdy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan iki sanjymy bolan Hytaý dünýäde ilkinji ingalýasion sanjymy hödürledi. Köp artykmaçlyklary bolan bu sanjymy adamlaryň kabul etmegi üçin lukmanlara zerurlyk ýokdur.

Haikou şäherinde geçirilen saglyk sergisinde tanyşdyrylan sanjymyň kliniki synaglarynyň 2-nji tapgyry geçirilýär. Adamlar bu sanjymy dem alyş ýoly arkaly içine çekýärler.

Sanjym edil asma ýaly adamlaryň ingalýasion usulda kabul etmegi üçin taýýarlandy. Onuň taýýarlyk işleri 2020-nji ýylyň sentýabryndan bäri dowam edýär. Bu sanjymy Uhan uniwersiteti bilen Harby ylymlar akademiýasynyň Harby lukmançylyk instituty bilelikde işläp düzdi.

 

Oba hojalyk işgärleri sylaglandy

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle