JEMGYÝET

Dünýäde kagyza isleg azalýar

Sanly aragatnaşygyň we sanly metbugatyň ösmegi bilen, Ýer ýüzünde kagyza bolan isleg azalýar. Şeýle bolansoň, dünýäniň çar künjünden kagyz işläp taýýarlaýjy iri kompaniýalaryň öz işlerine käbir çäklendirmeleri getirýändigi baradaky habarlar gelip gowuşýar.

Şeýle kärhanalaryň biri hem «Stora Enso» kompaniýasydyr. Gaplamak we agaç önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa dünýäde kagyza bolan islegiň azalmagy bilen baglylykda, Finlandiýadaky we Şwesiýadaky iki zawodynyň ýapylýandygyny habar berdi. Bir ýandan kagyza bolan islegiň azalmagyna pandemiýa hem täsir etdi.

Iki zawodyň ýapylmagy bilen kompaniýanyň kagyz önümçiliginden alýan girdejisi umumy girdejiniň 10 göterimine çenli azaldy. 10 ýyl bolsa kagyz önümçiligi umumy girdejiniň 70 göterimini tutýardy.

 

Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri