TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar

Hindistan 10 sagat 42 minut bilen dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Iň köp kitap okaýan 10 ýurtdan 6-sy Aziýa, 4-si bolsa Ýewropa ýurtlary boldy.

Merkezi Angliýada ýerleşýän “Global English Editing” guramasy tarapyndan dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar baradaky maglumatlar ýaýradyldy.

Hindistan hepdede 10 sagat 42 minut bilen sanawyň başynda, Tailand hepdede 9 sagat 24 minut bilen ikinji ýerde, Hytaý hepdede 8 sagat bilen üçünji ýerde.

Kitap okamak indeksi, adamlaryň hepdede okamak üçin näçe wagt sarp edýändigine esaslanýar. Çap edilen kitaplardan başga-da, gazetler, žurnallar we onlaýn mazmun ýaly ähli okalýan materiallar gözleglere we ballara girizilýär.

Ilkinji onluga giren beýleki döwletler: Filippinler (7 sagat 36 minut), Müsür (7 sagat 30 minut), Çehiýa (7 sagat 24 minut), Şwesiýa (7 sagat 6 minut), Fransiýa (6 sagat 54 minut), Wengriýa (6 sagat 48 minut) we Saud Arabystany (6 sagat 48 minut).

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýene-de okaň

Türkmen telewideniýasynyň hünär-tehniki okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: gysga möhletli okuwlar

Ata Watan Eserleri

Tomusky dynç alyş möwsümi: 15 müň 70 çaga dynç aldy

Ata Watan Eserleri