Milliarderler Ilon Mask bilen Mark Kuban dünýädäki iň güýçli kriptowalýuta barada bir pikire geldiler. Olaryň pikirine görä, şu wagt sanly pul ulgamynyň iň güýçlisi “Dogecoin” (DOGE) bolup durýar. Bu kriptowalýutanyň sanly aktiwleriň arasynda iň ygtybarlysy bolup durýandygy bellenilýär.
Mark Kuban alyş-çalşykda kriptowalýuta ulanylanda “Doge” walýutasynyň ygtybarly bolup durýandygyny teleýaýlyma beren beýanatynda belläp geçdi.
Mark Kuban “Dallas Maweriks” basketbol toparynyň eýesi bolup durýar. Onuň ýolbaşçylygyndaky topar hem kriptowalýuta tölegleriniň ähli görnüşlerini kabul edýändigi, ýöne adamlaryň aglabasy “Dogecoin” kriptowalýuta arkaly töleg edýändigi bellenilýär. Ýagny, tranzaksiýalaryň 95 göterimi bu sanly walýuta arkaly amala aşyrylýar.