SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýädäki iň gowy awiakompaniýalary

Merkezi Awstraliýada ýerleşýän awiasiýa howpsuzlygy we reýting gullugy “AirlineRatings.com” şu ýyl iň gowy halkara awiakompaniýalarynyň sanawyny neşir etdi.

Pandemiýanyň täsiri bilen awiasiýa pudagy soňky birnäçe ýylda köp sanly kynçylyklary başdan geçirdi. Köp wagt dowam eden çäklendirmelerden soň, köp sanly global awiakompaniýalar täzeden gatnawlary ýola goýup başlady.

“AirlineRatings.com” kompaniýaysnyň sanawynda iki ýyldan bäri Kataryň awiakompaniýasy birinjiligi eýeläp gelýär.

Sanawyň kerweniniň başynda Katar awiakompaniýays gelýän bolsa, ilkinji bäşlikde “Air New Zeland”, “Etihad Airways”, “Korean Air” we “Singapore Airlines” ýaly awiakompaniýalar bar.

Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalaryň sanawynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gatnawlary amala aşyran Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem bar. Bu kompaniýa sanawda 9-njy orny eýeläpdir.

Öňdebaryjy 10 awiakompaniýanyň hatarynda “Qantas”, “Virgin Australia”, “EVA Air”, “Türk Havayolları” we “All Nippon Airways” kompaniýarlary bar.

 

Transfer täzelikleri: Lewandowski ahyry “Barselona” geçýär

Related posts

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi:Awgust 2021

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Ata Watan Eserleri

THY: nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri