DÜNÝÄ

Türkiýe: Uly tebigy gaz gorlary

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan täze tebigy gaz gorlaryny ýüze çykarylandygyny yglan etti. Prezident Erdoganyň berýän maglumatlaryna görä, Garadeňizde Türkiýäniň hünärmenleri jemi 320 milliard kubmetre barabar tebigy gaz gorlarynyň bardygyny anyklady. Bu Türkiýäniň taryhyndaky iň uly tebigy gaz gorlarynyň üstiniň açylmagy bolup durýar.

Tebıgy gaz howpsuzlygyna uly goşant

BP Statistical Review of World Energy 2020” maglumatnamasynda bellenişine görä geçen ýyl Türkiýe jemi 43.2  milliard kubmetr tebigy gaz sarp edipdir. Başgaça aýdylanda täze ýyza çykarylan tebigy gaz gory Türkiýäniň şuwagtky tebigy gaz sarp ediş möçberi saklanyp galanda 7 ýyldan gowrak wagt üçin ýeterlik. Türkiýe geçen ýyl jemi 12,9 milliard metrkup LNG görnüşinde tebigy gaz, 31,3 milliard kubmetr bolsa turbageçiriler bilen tebigy gaz import edipdir. Turbageçirijiler bilen import edilen tebigy gaz Russiýa (14,6 milliard kubmetr), Azerbaýjan (9,2 milliard kubmetr) we Eýrandan (7,4 milliard kubmetr) gelipdir. Täze tebigy gaz gorlary subut edilenden soň, bu Türkiýäniň tebigy gaz garaşlylygynyň belli bir derejede azalmagyna getirer. Häzirki döwürde Türkiýe tas ýüz göterime golaý tebigy gaz importyna garaşly bolup durýar.

Habary Türk dilinde okamak üçin

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi