DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi.

Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mazmunda ulag we üstaşyr gatnawlary ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy şertlerinde bilelikdäki netijeli hem-de utgaşdyrylan özarahereketleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyna hem aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da diplomatlar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri dogrusynda-da pikirleri alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy