SPORT

Dünýä çempionatynyň futbol topy tanyşdyryldy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi futbol pökgüsini tanyşdyrdy. Bu barada FIFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

– Bu “Adidas” kompaniýasy tarapyndan öndürilen çydamly we ýokary hilli resmi futbol topy hemmeleri haýran galdyrdy. Ol Katardaky stadionlardaky ähli uly ýaryşlarda ulanylar – diýip, FIFA-nyň marketing boýunça direktory Žan-Fransua Pati gürrüň berdi.

“Adidas” tarapyndan taýýarlanan bu futbol topy dünýäniň onlarça ýurdunda tanyşdyrylar. Bu kompaniýa ozal 13 dünýä çempionatynyň futbol topuny taýýarlady.

Katardaky çempionatyň topy “Al Rihla” diýlip atlandyryldy. Ol terjime edilende “syýahat” diýen manyny berýär.

Dünýä çempionatynyň bijeleri 1-nji aprelde geçiriler. Häzirki wagtda çempionata gatnaşjak 32 milli ýygyndynyň 27-si belli boldy.

Katardaky dünýä çempionaty 21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

 

Dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylar

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy