Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

Ýewropa sebitinden 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji milli ýygyndy belli boldy. Ol hem Germaniýanyň milli ýygyndysydyr.

Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyryň oktýabr aýyndaky duşuşyklary tamamlanyp barýar. Mundan soňra noýabr aýynda 2 duşuşyk galdy. Şondan soňra Ýewropa sebitinden gatnaşjak ýygyndylar belli bolar.

Ýöne oktýabr aýyndaky görkezijilere görä, eýýäm Germaniýanyň ýygyndysy çempionata gatnaşmaga doly hukuk gazandy. Germaniýanyň ýygyndysy Demirgazyk Makedoniýany 4:0 hasabynda utup, “J” toparçasyny birinjilik bilen tamamlamak hukugyna eýe boldy. Germaniýanyň utuk sany 21-e deň boldy.

Bu toparçada Rumyniýanyň (13 utuk), Demirgazyk Makedoniýanyň (12 utuk) hem-de Ermenistanyň (12 utuk) 2-nji bolmak mümkinçiligi bar. Islandiýa bilen Lihtenşteýn bolsa bu toparçadaky utuk sany az bolandygy üçin mümkinçiliklerini ýitirdi.

Şeýlelikde, Germaniýa häzirden eýer eýeleri Katardan soňra dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ikinji ýurt boldy. Germaniýanyň ýygyndysy 1954-nji ýyldan bäri, dünýä çempionatyna yzygidelri gatnaşyp gelýär. Bu gezekki 20-nji dünýä çempionaty bolar. Bu ugurda öňdeligi Braziliýa eýelýär.

Şeýle hem Belgiýa bilen Daniýanyň milli ýygyndylary hem dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny eýelemäge golaýlady.

Käbir toparçalarda bolsa entek çylşyrymyl ýagdaý dowam edýär. Birnäçe ýygyndy toparçadan çykmak hukugyna eýe bolup durýar.

 

97 ýyldan soňra ýeňiş gazandy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar