SPORT

Dünýä belli tennisçi sanjym almandygy üçin ýaryşa goýberilmedi

Häzirki wagtda dünýäniň iň gowy tennisçi türgenleriniň sanawynda birinji orunda durýan serbiýaly Nowak Jokowiçi “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşyna almadylar. Ol bu ýaryşa gatnaşmak üçin Melbrun şäherine geldi, ýöne koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmandygy üçin ony ýurda kabul etmediler.

9 gezek “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşynda ýeňiji bolan Nowak Jokowiç Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatyndan hökmany sanjym almazdan we 14 günlük karantin çärelerine tabyn bolmazdan giriş rugsadyny alandygyny mälim etdi.

Iki lukmançylyk topary Jokowiçe saglyk ýagdaýy sebäpli sanjym etmek bolmaýandygyna garamazdan, Awstraliýanyň Hökümeti dünýäniň iň meşhur tennisçisiniň wizasyny ýatyrdy.

Nowak Jokowiç tarapy Awstraliýanyň kazyýetine ýüz tutdy. Kazyýet bu meselä seretmek işini duşenbe gününe süýşürdi.

“Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşy 17-30-njy ýanwar aralygynda geçiriler.

Awstrliýa barýan daşary ýurtly döwletleriň raýatlaryna tassyklanan sanawdaky sanjymy (Pfizer, AstraZeneca, Moderna, Janssen, Sinovac, Sinopharm China we Bharat Biotech) almagy hökmanydyr ýa-da tassyklanan lukmançylyk kepilnamasy bolmalydyr.

 

“Gazprom” Türkiýe bilen 4 ýyllyk ÅŸertnama baglanyÅŸdy

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy