TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Döwlet migrasiýa gullugynyň düzümleriniň işiniň gözgeçiligi güýçlendirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we olaryň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamanyň taslamasy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Şeýle hem häzirki döwürde ozal girizilen çäklendirmeleriň kem-kemden aradan aýrylýandygy, raýatlaryň daşary ýurtlara gitmek-gelmek meselelerine mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. Birnäçe ýurtlar bilen howa gatnawlarynyň ýola goýlandygyny nazara alyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

 

Türkmenistanyň harby edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlaýar

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle