JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy

ürkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny gowşurdy hem-de nobatdaky harby we ýörite atlary dakdy.

  • Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ç.Amanowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy gowşurdy. Şeýle hem wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna general-polkownik harby ady dakyldy.
  • Goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýewe ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysyna general-leýtenant harby ady dakyldy.
  • Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy.
  • Baş prokuror B.Atdaýew “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglandy.
  • Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manady gowşuryldy.
  • Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe milli Liderimiziň özüne gowşuran “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglandy.
  • Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy.
  • Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Muhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanyna laýyklykda, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medalyna, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyza mynasyp boldy. Ministrligiň ýolbaşçysyna şeýle hem ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.
  • Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik M.Hudaýkulyýewe “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen polkownik harby ady dakyldy.
  •  Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik N.Atagaraýewe mynasyp bolan ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy hem-de oňa döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, polkownik harby ady dakyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy boýunça A.Hudaýberdiýewe nobatdaky harby at dakyldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Ata Watan Eserleri