Dostoýewskiniň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenildi

Düýn, 11-nji noýabrda tutuş dünýä edebiýatyna düýpli täsirini ýetiren iň meşhur rus ýazyjysy, akyldary, filosofy we publisisti Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenildi. Dostoýewskiniň eserleri 170 dile terjime edildi we hemişe diňe bir filosofiki pikir ýöretme, ylmy barlaglar, teatr sahnasy we film üçin däl, eýsem daşary ýurtlular tarapyndan rus dilini öwrenmek üçinem güýçli itergi boldy.

Ýazyjy 1821-nji ýylda, Moskwada dünýä inýär. Ol 1837-nji ýylda inženerçilik ugrundan orta hünärmentçilik mekdebine okuwa girip, ony 1844-nji ýylda tamamlaýar. 1843-nji ýylda Fýodor meşhur fransuz ýazyjysy O. Balzagyň “Ýewgeniýa Grande” romanyny terjime edýär. 1845-nji ýylda bolsa ilkinji eserini – “Garyp biçäreler” romanyny ýazyp gutarýar. Roman rus edebiýatynyň iň meşhur tankytçysy W.Belinskiniň öwgüsine mynasyp bolýar, şahyr N.Nekrasow bolsa, 1846-njy ýylda eseri özüniň redaktorlyk edýän “Peterburg ýygyndysy” almanahynda çap edýär. 1849-njy ýylda, onuň “Ak gijeler” powesti çap edilýär.

Ýazyjy 1854-nji ýylda bolsa harby gulluga çagyrylyp, 1859-njy ýylda gulluk borjyny tamamlaýar, şol ýylyň özünde hem “Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary” powestini çap etdirýär. 1861-nji ýylda ýazyjy dogany Mihail bilen birlikde “Wremýa” žurnalyny, soňra “Epoha” žurnalyny çykarýarlar. Bu žurnallarda ýazyjynyň “Kemsidilenler we ýekirilenler” (1861), “Zyndan hakda ýazgylar” (1860-62), “Tomusky täsirler hakda gyşky bellikler” (1863), “Garasöýmeziň ýazgylary” (1864) ýaly meşhur eserleri çap edilýär. Emma 1865-nji ýylda “Epoha” ýapylýar. Ýazyjy agyr ýagdaýa düşýär, howlukmaçlyk bilen iň belli eserleriniň birini – “Jenaýat hem jeza” (1866) romanyny döredýär, “Humarbaz” (1866) romanyny bolsa 21 günde ýazyp gutarmaly bolýar. Bu eserleri okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Alan gazanjy

na ýazyjy Ýewropa syýahat edýär. Ol ýerden özüniň “Tentek” (1867) atly ajaýyp romany bilen gaýdyp gelýär.

Ömrüniň soňky sekiz ýylyny Staraýa Russa şäherinde ýaşan ýazyjy bu ýerde birnäçe naýbaşy eserleri döredýär. Olardan “Melgunlar” (1872), “Ýetginjek” (1875), “Doganlar Karamazowlar” (1880) romanlaryny, birnäçe powestdir hekaýalary we “Ýazyjynyň gündeligi” atly essedir hekaýalar ýygyndysy has öňe saýlanýar. Fýodor Dostoýewskiý 1881-nji ýylda aradan çykýar.

 

Pýaniç umytlanýar

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar