TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Doktorantura kabul etmegiň tertibi

Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilenligi barada şol ylmy ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem şol Alymlar geňeşi tarapyndan berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl.

Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler:

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— terjimehal;

— №086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 4х6 sm ölçegindäki üç sany fotosurat;

— ylymlaryňkandidaty diplomynyňnusgasy;

— zähmet depderçesiniňnusgasy;

— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary hakynda hasabatlarynyň sanawy;

— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;

— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýarlygy hakynda güwänamasy;

— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy;

— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir we üç ýylyňdowamynda ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.

Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakynda diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny getirip görkezmelidirler.

 

 

Aspirantura kabul etmegiň tertibi

Ýene-de okaň

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Türkmen himiýaçy talyplarynyň üstünligi

Teswirle