DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gowy mugallymy yglan edildi

Ýakynda Dubaýda “Dünýäniň iň gowy mugallymy” diýen ady almak ugrundaky bäsleşik tamamlandy. Bäsleşigiň bir million dollarlyk pul baýragyna keniýaly mugallym Piter Tabiçi mynasyp boldy diýip, “Dubai Media Office” metbugat hyzmaty ýazýar.

36 ýaşly Piter Tabaçi Keniýada kyn şertlerde sapak berýär. Onuň mekdebi tebigatyň goýnunda diýseň hem boljak. Elbetde, tebigy ýagdaýlar sapaklaryň üzülmegine getirýär. Muňa garamazdan, şol kyn şertlerden baş alyp çykan mugallym okuwçylarynyň birnäçesiniň iri zehin bäsleşiklerinde ýeňiji bolmagyny gazanypdyr. Ýekeje kompýuter bolan mekdepde 58 okuwçy okaýar.

Dünýäniň iň gowy mugallymynyň gahrymançylyklary munuň bilen hem çäklenmeýär. Ol aýlyk hakynyň hem uly bölegini ýeter-ýetmez maşgalalaryň çagalaryna bagyşlaýar.

Ýeri gelende aýtsak, hindistanly millioner Sanni Warkeýniň haýyr-sahawat gaznasynyň başlangyjy bilen geçirilýän bäsleşik 2015-nji ýyldan bäri uly meşhurlyk gazandy. Şu ýyl bäsleşige 179 döwletden 10 müňden gowrak ýüztutma kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Wladimir Putin Täjigistanda döwlet saparynda bolar

Horwatiýanyň daşary işler ministriniň Aşgabada sapary

Fizika boýunça Nobel baýragyna amerikaly alymlar eýe boldy

Türkmenistan bilen BAE medeniýet we metbugat ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy