TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dinozawrlaryň tizligi kesgitlendi

Wagşy dinozawrlaryň häzirki zaman awtoulaglarynyň tizliginde ylgap bilýändigi kesgitlendi. Alymlar Ispaniýanyň La-Riohe sebitindäki dinozawrlaryň galdyran yzlaryny öwrenmek arkaly şeýle netije geldiler. Bu barada “Nature” neşirinde bellenilip geçildi.

Irki döwürlerden galan dinozawrlaryň yzlary esasynda ylmy-barlaglar geçirildi. Bu yzlaryň netijesine görä, dinozawrlar sagatda 40 kilometr tizlikde hereket edipdirler. Iki sany dinozawryň yzlary boýunça barlaglar alnyp baryldy.

Alymlar bu wagşy dinozawrlaryň görnüşini kesgitläp bilmediler. Ýöne olaryň ikisiniň hem bir topara degişlidigigini bellediler.

Dinozawrlaryň ylgamak boýunça tizligini hasaplamak üçin olaryň but süňküniň beýikligi hem-de ädimleriniň uzynlygy göz öňünde tutuldy.

Alymlar ozal biomehaniki modelleri ulanyp dinozawrlaryň tizligini hasapladylar. Aýak yzlarynyň derňewi has takyk maglumatlary berdi.

 

Türkmenistanyň 88 kärhanasy Russiýa pomidor we burç eksport eder

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle