MEDENIÝET

Denzel Waşingtonyň “Oskar” rekordy

Denzel Waşington akademiýa taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen garaýagyz aktýor rekordyny täzeledi. Ol 2022-nji ýylda “Iň gowy aktýor” ugry boýunça “Makbetiň betbagtçylygy” filmindäki keşbi üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi.

“Independent” neşiriniň habaryna görä, 10-njy gezek “Oskar” baýragy üçin dalaşgär görkezilen dünýä belli aktýor, akademiýanyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen garaýagyz aktýor rekordyny täzeledi.

67 ýaşly Waşington ozal “Cry Freedom”, “Glory”, “Malcolm X”, “Hurricane”, “Training Day”, “Flight”,  “Roman J. Israel” we “Esq. and Fences” atly filmlerdäki keşbi üçun bu abraýly baýraga dalaşgär görkezilipdi.

Goliwudyň ýyldyzy soňky 20 ýyldan bäri “Oskar” baýragyny gazanyp bilmedi. Ol 1990-njy ýylda “Glory” hem-de 2002-nji ýylda “Training Day” filmleri üçin Oskar baýragyna mynasyp bolupdy.

ABŞ-ly aktýor 1964-nji ýylda “Iň gowy erkek aktýor” ugry boýunça “Oskar” baýragyna mynasyp bolan ilkinji garaýagyz aktýor Sidneý Poitierden soňra bu ugurda üstünlik gazanan ikinji garaýagyz sungat işgäridir.

 

 

Tom Kruz “Mission Impossible” filmini tamamlamak isleýär

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri