TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dawosda Bütindünýä ykdysady forum geçirilýär

Şweýsariýanyň şypahana merkezi hasaplanýan Dawosda Bütindünýä ykdysady forum öz işine başlady. 22-26-njy maý aralygynda geçirilýän bu halkara forum 2 ýyldan soňra ýüzbe-ýüz görnüşinde geçirilýär.

Dawos forumy hökmünde tanalýan bu çärä dünýäniň ençeme ýurdundan syýasy we işewür wekiller gatnaşýar. Adatça, ýanwar-fewral aýlarynda geçirilýän bu forum 2021-2022-nji ýyllarda gyş paslynda koronawirus ýokanjy sebäpli onlaýn tertibinde geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa, koronawirus sebäpli ýatyryldy.

Bu gezekki forumyň çäklerinde birnäçe ykdysady maksatnamalar göz öňünde tutulýar. Olar işsizlige garşy göreş, ösüp barýan ýurtlarda maýa goýumlary ýokarlandyrmak, maliýe ulgamynda innowasiýa ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bu gezek foruma dünýäniň ähli künjeginden 2,5 müňe golaý wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ilkinji gezek şeýle forum 1971-nji ýylyň ýanwarynda Ýewropa Komissiýasynyň howandarlygynda Dawosda geçirilipdi. oňa 33 döwletden 444 iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşypdy. Şol forumdan soňra maslahatyň ýolbaşysy Klaus Şwab “Ýewropanyň dolandyryş forumyny” döredýär. 1973-nji ýyldan başlap, bu forumda diňe dolandyryş mowzugy däl, eýem makroykdysadyýet we daşary syýasat meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyp başlandy. 1974-nji ýyldan bu foruma syýasy döwlet işgärleri hem gatnaşyp ugrady. 1987-nji ýylda forum häzirki adyna eýe boldy.

Forumyň agzalary 5 milliard dollardan gowrak girdejisi bolan 1 müňe golaý iri halkara kompaniýasydyr. Forumyň hemişelik ýerine ýetiriji başlygy Klaus Şwab. Bütindünýä ykdysady forumyň syýasy we uzak möhletleýin strategiýasy dünýäniň dürli künjeklerinden syýasy, işewürlik, ylym we jemgyýetçilik işlerinden jogapkär 31 wekili öz içine alýan Direktorlar geňeşi tarapyndan işlenip düzülýär.

Forum her ýyl hasabatlary we reýtingleri çap edýär. Hususan-da, “Global bäsdeşlik ukyby”, “Global töwekgelçilikler”, “Global gender deňsizligi”, “Adam kapitalynyň bahasy” we ş.m.

 

ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýada saparda

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle