DÜNÝÄ

Daşkentde “С5+1” formatyndaky nobatdaky duşuşyk guraldy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň çäklerinde “С5+1” formatyndaky Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Oňa Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niyazliýew we ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendall gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda sebit howpsuzlygy we durnuklylygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar, koronawirus pandemiýasy döwründe ykdysadyýetiň dikeldilmegi babatda bilelikdäki çemeleşmeler boýunça pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

BMG-niň Türkmenistandaky wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Russiýanyň ilçisi:Türkmenistan boýunça syýahat etmegi halaýaryn