PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylary bellige almak

Syýahatçylar Türkmenistanyň çägine girenden soň, 3 (üç) iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) bolýan ýeri boýunça hasaba durmaga borçludyrlar. Syýahatçylaryň ýany bilen Türkmenistana gelen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary olar bilen bir wagtda hasaba alynýar. Türkmenistana 3 (üç) iş gününden köp bolmadyk möhlet bilen gelen Syýahatçylar hasaba durmakdan boşadylýar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň 2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde çykaran 111-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan  Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň Tertibinde bellenilýär.

Bu Tertip  2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen “Syýahatçylyk hakynda”, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 10666-njy karary bilen tassyklanan Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň we ondan gitmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1349-njy karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, kabul edildi. Bu Tertip, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda 1468 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alyndy. Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň web saýtyndaky Tertibi Size ýetirýäris.

Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt

raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň

Tertibi

  1. Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen “Syýahatçylyk hakynda”, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 10666-njy karary bilen tassyklanan Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň we ondan gitmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1349-njy karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda taýýarlanyldy.Tertip syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary (mundan beýläk – Syýahatçylar) hasaba almagyň kadalaryny kesgitleýär.
  2. Şu Tertibiň kadalarynyň Syýahatçylary Türkmenistanda kabul edýän syýahatçylyk kärhanalary (mundan beýläk – Syýahatçylyk kärhanalary) tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
  3. Syýahatçylar Türkmenistanyň çägine girenden soň, 3 (üç) iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) bolýan ýeri boýunça hasaba durmaga borçludyrlar. Syýahatçylaryň ýany bilen Türkmenistana gelen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary olar bilen bir wagtda hasaba alynýar. Türkmenistana 3 (üç) iş gününden köp bolmadyk möhlet bilen gelen Syýahatçylar hasaba durmakdan boşadylýar.
  4. Syýahatçylary hasaba almak işini Aşgabat şäherinde – Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi, ýerlerde – Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy esasynda kesgitlenen Ministrligiň welaýatlardaky edaralary, kärhanalary we guramalary (mundan beýläk – Hasaba alyjy edara) amala aşyrýar.
  5. Hasaba alyjy edara özüniň hasaba almak işini Syýahatçylyk kärhanalarynyň beren Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak barada ýazmaça ýüztutmalary (şu Tertibe 1-nji goşundy) (mundan beýläk – ýüztutma) esasynda amala aşyrýar.

Syýahatçylyk kärhanalarynyň Hasaba alyjy edara şu Tertibiň 1-nji goşundysyna laýyklykda berýän ýüztutmalaryň ýanyna şular goşulýar:

1) Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada Maglumat (şu Tertibe 2-nji goşundy);

2) Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba alyş namasy (şu Tertibe 3-nji goşundy);

3) Syýahatçynyň daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy;

4) Syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Syýahatça berlen syýahatçylyk ýollama haty (wauçer).

  1. Hasaba alyjy edara Syýahatçylary hasaba almak üçin, Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Hasaba alyş kitabyny (şu Tertibe 4-nji goşundy) elektron görnüşinde ýöredýär. Hasaba alyjy edara şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda berlen resminamalara esaslanyp, Syýahatçylar baradaky maglumatlary Hasaba alyş kitabyna girizýär hem-de hasaba alnan her bir syýahatçynyň daşary ýurt pasportyna ýa-da onuň ornuny tutýan resminama, şeýle hem syýahatçylyk ýollama hatynyň (wauçeriň) asyl nusgasynyň arka ýüzüne «Hasaba alyndy, hasaba alnan belgisi (№____) we senesi, Hasaba alyjy edaranyň ady we ygtyýarly işgäriň goly ____» diýlen ýazgy ýerleşdirilen möhürçäni basýar. Möhürçede hasaba alnan belgi we sene barada bellik edilýär hem-de Hasaba alyjy edaranyň ygtyýarly edilen işgäri tarapyndan gol çekilýär. Möhürçe basylan daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminama, şeýle hem syýahatçylyk ýollama hatynyň (wauçeriň) asyl nusgasy ýazmaça ýüztutmany beren Syýahatçylyk kärhanasyna gaýtarylýar.
  2. Hasaba alyjy edara Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Hasaba alyş kitabyna girizilen maglumatlary haýal etmän Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hasaba alnan Syýahatçylar barada maglumatlaryň hasaba almak ulgamyna girizilmegi üçin, bellenilen görnüşdäki maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna berýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikdäki hasaba almak ulgamlaryndaky maglumatlarynyň alşylmagynyň we bu babatda hyzmatdaşlyk etmeginiň tertibi, şeýle hem Syýahatçylar baradaky maglumatlary goramagyň, bermegiň tertibi hem-de olary saklamagyň möhletleri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

  1. Syýahatçylardan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberde hasaba alyş ýygymy alynýar. Hasaba alyş ýygymy Syýahatçylaryň ýurda gelen ýerinde ýerleşen Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň migrasiýa nokatlarynda alynýar.
  2. Syýahatçy daşary ýurt pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny ýitiren halatynda, ol bu barada hut özi ýa-da kabul edýän syýahatçylyk işiniň subýektiniň jogapkär işgäriniň üsti bilen migrasiýa gullugynyň, içeri işler edaralarynyň golaýdaky bölümine, degişli bolan döwletiniň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna haýal etmän habar bermelidir hem-de içeri işler edaralaryndan şeýle ýagdaý barada ýazmaça tassyknamany almalydyr. Agzalan Syýahatçylaryň Türkmenistanyň çäginden gitmegi we ýurduna dolanyp barmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Syýahatçylary Türkmenistana çagyrýan we kabul edýän syýahatçylyk kärhanalary şulara borçludyr:

1) Syýahatçylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge;

2) Syýahatçylar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

3) Syýahatçylaryň wizalaryny we Türkmenistanda bolmagy bilen baglanyşykly beýleki resminamalaryny resmileşdirmegiň, şol sanda olary hasaba almagyň tertibini berjaý etmäge;

4) Syýahatçylaryň ýurtda bolmagynyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen olary hasapdan çykarmak hem-de Türkmenistanyň çäginden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge, şeýle hem olaryň bolýan ýeriniň salgysynyň üýtgändigi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna öz wagtynda habar bermäge;

5) Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyrýan we kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar babatda Türkmenistanyň migrasiýa baradaky kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny berjaý etmäge.

  1. Syýahatçylary Türkmenistanda kabul edýän Syýahatçylyk kärhanalary we olaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň migrasiýa baradaky kanunçylygynyň hem-de şu Tertibiň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
  2. Şu Tertipde Syýahatçylary hasaba almak babatda kesgitlenilmedik kadalar Türkmenistanyň migrasiýa baradaky kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär