BILIM

Daşary ýurtda bilim almak üçin nirä ýüz tutmaly?

Bilşimiz ýaly, golaýda 2021-2022-nji okuw ýyly tamamlandy. Mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basan ýaş türkmenistanlylary gyzyklandyrýan esasy sowallaryň biri hem ýokary bilimi nireden almak bolup durýar. Munuň üçin türkmen ýaşlarynyň öňünde 2 sany ugur bar – biri biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, ikinjisi bolsa daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir.

DAŞARY ÝURDA OKUWA GITMEK ÜÇIN NÄMELER GÖZ ÖŇÜNDE TUTULMALY?

Daşary ýurda okuwa gitmek isleýän ýaşlar ilki bilen, okajak ýurduny hem-de ýokary bilim edarasyny saýlamalydyr.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawy çap edilýär. Biz bu sanawy www.atavatan-turkmenistan.comsaýtymyzyň “Bilim” sahypasynda ýerleşdirdik. Bilim almak isleýän ýurduňyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny saýtymyzdan tapyp bilersiňiz.

“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” atly halkara guramalar tarapyndan düzülýän sanawda bolan uniwersitetlerden çakylyk alyp, şol çakylygy terjime etdirip, Aşgabat we welaýat bilim müdirliklerine ýüz tutmaly.

Şeýle hem ýüz tutulan wagty ýanyňyzda biometrik we içerki pasportuňyz hem bolmalydyr.

Şondan soňra bilim müdirliklerinde beýleki zerur bolan resminamalaryň sanawy size berler.

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: +993 63 789673 & +99312 964855.

Mundan başga-da, Türkiýede bilim almak isleýän bolsaňyz, onda türkmenistanly ýaşlara maslahat we terjime hyzmatlaryny hödürleýän we öz işini  Stambul şäherinde alyp barýan “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd” şereketine ýüz tutup bilersiňiz.

“Atavatan Danışmanlık” şereketi Bahçeşehir uniwersiteti, Medipol uniwersiteti ýaly birnäçe abraýly ýokary okuw jaýynyň ygtyýarly wekili bolup durýar.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”-niň salgysy:

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ Stambul

e-mail salgysy : atavatanltd@gmail.com

Telefon:

+90 532 401 71 52

+90 530 251 36 73

+90 212 633 40 00

 

Türkmenistan Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep dörediler

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gyrgyzstanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler

Türkiýede mugt okasyň gelýärmi ? “Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kitap gowşuryş dabarasy

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat