DÜNÝÄ

Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýär

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Halkara ulag-üstaşyr ugurlary: özara baglanyşyk we ösüş 2023” atly maslahatynyň we serginiň çäklerinde Türkmenistanyň dürli edaralarynyň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda iki taraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleriniň we Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda pandemiýadan soňky döwründe ulag we logistika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem-de ulag-üstaşyr ugrunda täze ylalaşyjkary gazanmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, bu uly möçberli çäräniň çäklerinde deňiz, howa we gyry ýer ulag ulgamlarynda işlerini alyp barýan döwlet edaralarynyň wekilleriniň we BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýeniň, Hindistanyň we beýleki ýurtlarynyň degişli kärdeşleriniň arasynda duşuşyklar boldy. Olaryň dowamynda ulag-logistika pudagynyň ösüşi ugrunda tejribe alyşma hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk boýunça soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzyň talyplary bilen duşuşygy hem geçirildi. Onuň dowamynda talyp ýaşlar BMG-nyň we onuň düzüm edaralarynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanadaky «Regional Eco Summit 2026» sammitine gatnaşdy

Türkmenistan-Azerbaýjan energetika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi