SPORT

Çempionlar ligasynyň finaly Portugaliýada geçiriler

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Portugaliýanyň Porto şäherindäki “Dragao” stadionynda oýnalar. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Adatça, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 29-njy maýdaky Angliýanyň “Mançester Siti” bilen “Çelsi” toparlarynyň arasyndaky final duşuşygy Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Atatürk” stadionynda oýnalmalydy. Ýöne Türkiýedäki koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýlar sebäpli Angliýanyň hökümetiniň başlangyjy esasynda final duşuşygynyň geçirilýän ýeri üýtgedildi.

Resmi maglumatlara görä, her iki topardan 6 müň janköýer üçin petek berilýär. Final duşuşygynda ispaniýaly emin Antonio Mateu Laos eminlik eder.

– Soňky 2 ýylyň dowamynda Türkiýäniň Futbol Federasiýasy Stambulda bu arzyly kubogyň final duşuşygyny geçirmek üçin uly işler bitirdi. UEFa munuň üçin türk tarapyna uly minnetdarlyk bildirýär. Ýöne gynansak-da, şeýle karar kabul edilmeli boldy – diýip, UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr Çeferin belläp geçdi.

29-njy maýdaky final duşuşgy Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlaýar.

 

Germaniýanyň kubogyny “Borussiýa” gazandy

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri