SPORT

Çempionlar Ligasy: Messiniň ilkinji goly, “Şerifiň” garaşylmadyk üstünligi

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda toparçalardaky ikinji duşuşyklar geçirildi. “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna geçen Lionel Messi täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi.

Çempionlar Ligasynyň býujet tarapyndan iň pes topary Moldowanyň “Şerif” topary Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” toparyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňip, garaşylmadyk netijäni görkezdi.

LEONYŇ ILKINJI GOLY

“PSŽ” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi täze topary üçin ilkinji goluny geçirdi. Ol hem Çempionlar Ligasynda Angliýanyň güýçli topary “Mançester Siti” bilen geçirilen duşuşykda bolup geçdi. “PSŽ” topary 2:0 hasabynda ýeňdi. Şol gollaryň birini Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy. Şu ýylyň tomsunda fransuz toparyna gelen Messi Fransiýanyň çempionatynda birnäçe duşuşykda oýnasa-da tapawutlanyp bilmändi.

Şeýlelikde, bu gol Messiniň täze toparyndaky we “Barselona” toparyndan başga topardaky ilkinji goly boldy. Sebäbi Messi ozal “Barselonadan” başga toparda toparda çykyş etmändi.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“A” toparça

“PSŽ” – “Mançester Siti” 2:0

“Leýpsig” – “Brýugge” 1:2

“B” toparça

“Porto” – “Liwerpul” 1:5

“Milan” – “Atletiko” 1:2

“C” toparça

“Borussiýa Dortmund” – “Sporting” 1:0

“Аýaks” – “Beşiktaş” 2:0

“D” toparça

“Şahtýor” – “Inter” 0:0

“Real” – “Şerif” 1:2

 

29-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri