TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy bijeleri: Messi bilen Ronaldo ýene-de duşuşýar

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şonuň netijesinde, Messili “PSŽ” topary Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” topary bilen duşuşar.

Şu gün UEFA-nyň merkezi edarasy bolan Nýon şäherinde Çempionlar ligasynyň 1/8 pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şol bijelere görä, bu tapgyrda duşuşjak toparlar mälim edildi.

Olar:

“Benfika” – “Real Madrid”

“Wilýarrela” – “Mançester Siti”

“Atletiko Madrid” – “Bawariýa”

“Zalsburg” – “Liwerpul”

“Inter” – “Aýaks”

“Sporting” – “Ýuwentus”

“Çelsi” – “Lill”

“PSŽ” – “Mançester Ýunaýted” 

1/8 pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 15-16-njy fewralda we 22-23-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 8-9-njy we 15-16-njy martda geçiriler. Ilkinji duşuşyklar ady birinji ýazylan toparlaryň meýdançasynda geçiriler.

 

“Älem gözeli” kim boldy?

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle