SPORT

“Çelsi” – ähli kuboklary gazanan 5-nji topar

Angliýanyň “Çelsi” topary iň ýokary derejedäki ähli kuboklary gazanan 5 topardan biri boldy.

FIFA klublar dünýä kubogynyň final duşuşygynda “Palmeiras” toparyny 2:1 hasabynda ýeňen “Çelsi” topary ilkinji gezek bu abraýly kubogyň eýesi boldy.

Şeýlelikde, “Çelsi” topary Çempionlar ligasy, “Premýer liga”. Ýewropa ligasy, Fa kubogy, Liga kubogy, Ýeňijiler kubogy, UEFA-nyň Superkubogyny we “Community Shield” kubogyny gazanan topar boldy.

Bu sanawda dünýäniň öňdebaryjy toparlary bolan “Real Madrid”, “Barselona” we “Milan” toparlary ýok.

Ýokarda agzalan ähli kuboklary gazanan toparlaryň hatarynda “Aýaks”, “Bawariýa”, “Ýuwentus” we “Mançester Ýunaýted” toparlary bar.

Tomas Tuheliň ýolbaşçylygynda “Çelsi” topary hem kubok kolleksiýasynyň hataryny köpeldip, ähli kuboklary gazanan toparlaryň hataryna girdi.

 

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümine badalga berilýär

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy