«Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşik

Balkan welaýat häkimligi aşakdaky lot boýunça potratçyny seçip almak üçin halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot №1 — Esenguly etrabynyň Esenguly şäherinde döwrebap «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Okap bilersiňiz  Oba hojalygy üçin enjamlary satyn almak bäsleşigi

Bäsleşigiň teklipleri 2021-nji ýylyň 5-nji martyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy. Balkan welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 20033; 20025.

 

Demir ýol gatnawlarynda hoş habar: synag gatnawlary ýola goýulýar