TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, halk bäh­bit­li sy­ýa­sa­tyn­da yn­san sag­ly­gy­na, ýaş nes­liň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Ola­ryň aba­dan maş­ga­la­da sag­dyn ulal­ma­gy, ter­bi­ýe al­ma­gy, so­wat­ly adam bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ça­ga­la­ryň ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le iş­ler ýur­du­myz­da ça­ga­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ni üp­jün edip, be­lent ah­lak sy­pat­la­ry­nyň ter­bi­ýe­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry we ka­nu­ny bäh­bit­le­ri go­ra­lyp, Türk­me­nis­tan BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len yzy­gi­der­li ara­gat­na­şyk sak­la­dy hem-de bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da-da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, olar üçin my­na­syp dur­mu­şy üp­jün et­mek, şeý­le hem maş­ga­la­ny gol­da­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy bi­len bir­lik­de, to­mus­ky we gyş­ky dynç alyş möw­süm­le­rin­de hä­zir­ki za­man ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de döw­re­bap dynç al­mak­la­ry, ru­hy we be­den taý­dan saz­la­şyk­ly ös­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Aja­ýyp kün­jek­le­riň bi­ri bo­lan «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, «Gök­de­re» jül­ge­sin­de gur­lan sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de ça­ga­la­ryň müň­ler­çe­si wagt­la­ry­ny şat­lyk­ly hem-de ma­ny­ly ge­çir­ýär­ler. Ze­hin­li ça­ga­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry dö­re­di­ji­li­ge ruh­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, her ýyl­da «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri», «Iň eý­je­jik gyz­ja­gaz», «Mer­da­na ne­sil» at­ly bäs­le­şik­ler, şeý­le-de dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, per­zent­le­riň bagt­ly gel­je­gi üçin döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän iş­ler maş­ga­la däp-des­su­ry bi­len ut­ga­şyp, ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge uly müm­kin­çi­lik dö­re­dýär.

Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ki­tap­la­ryň äh­mi­ýe­ti ju­da ýo­ka­ry­dyr. Ola­ra harp­la­ry ta­nap, oka­ma­gy öw­re­nen­le­rin­den soň­ra ter­bi­ýe be­ri­ji­li­gi ýo­ka­ry bo­lan ki­tap­la­ry oka­ma­ga hö­wes dö­ret­mek hök­man­dyr. Ça­ga esa­sy tä­sir ed­ýän zat­la­ryň bi­ri maş­ga­la­da gö­ren zat­la­ry­ny en­dik edi­nip gaý­ta­la­ma­gy bo­lup dur­ýar. Ene-ata hem bu­la­ry göz öňün­de tutup, öý­de ça­ga­ny ki­ta­ba hö­wes­len­dir­me­li. Ol ça­ga­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär we on­da ki­tap­la­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şun­da halk dö­re­di­ji­li­gi­niň bir gör­nü­şi bo­lan er­te­ki­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek bo­lar.

Er­te­ki­ler­de haý­wan­la­ryň keşp­le­ri­niň bol­ma­gy, di­li­niň sa­da­ly­gy, göw­rü­mi­niň gys­ga­ly­gy we su­rat­lar bi­len be­ze­li­şi ça­ga­lar üçin has-da tä­sir­li bol­ýar. Şo­nuň üçin ça­ga­la­ra ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä er­te­ki­li ki­tap­la­ry al­mak, ola­ry il­ki okap ber­mek, soň­ra-da on­da bolup geç­ýän wa­ka­la­ry sa­da dil­de dü­şün­dir­mek ça­ga­nyň ter­bi­ýe­sin­de örän äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Ça­ga er­te­ki­le­riň üs­ti bi­len, onuň gah­ry­man­la­ryn­da gö­ren aja­ýyp keşp­le­ri­ni öw­ren­mä­ge we şo­la­ra meň­ze­mek mak­sa­dy bi­len, ýag­şy gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýar.

Mekdebe çenli ýaşly körpeleriň çagalar bagyna gatnaýan döwründe bilim we terbiýe bermek işinde, esasan, çaganyň ownuk beden hereketleri ösdürilýär. Çagada kiçiliginden başlap, gören zadyna gyzyklanma örän güýçli bolýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan olaryň hereketlerini anyk, dogry ýerine ýetirip bilmekde, pikirlenmek ukybyny ýüze çykarmakda, öz-özüne hyzmat etmekleriniň we ýazuw endikleriniň ösmegine getirýär. Ownuk beden hereketlerini ösdürmek çagalaryň başarnygynyň özenidir. Şol nukdaýnazardan, ownuk beden hereketlerini ösdürmek üçin dürli öwrediji oýunlardan peýdalanýarys.

Çagalar bilen geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik çäresiniň mazmuny we tertibi terbiýeçiniň ussatlygy, onuň öňdebaryjy usullary peýdalanmagy, öz işini ýokary derejede guramagy bilen şertlendirilýär.

Körpelere çagalar bagynda galamy tutup bilmek başarnygy öwredilýär, soňra ýaş aýratynlygyna görä, ilki harplary tanap bilmek, soňra bolsa ýazyp bilmek, ýagny ýazuw endigi ösdürilýär.

Bilşimiz ýaly, çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin körpeler bilen guralan sapakda öwrenen zatlarynyň olaryň ýadynda pugta galmagy üçin ony günüň ikinji ýarymynda dürli oýunlar arkaly berkidýäris. Munuň özi çaganyň has-da ýadynda galyjy we gyzykly bolýar. Çagalara sowat öwretmek sapagynda öwrenen harpyny berkitmek maksady bilen, çaga iki sany kagyz berip, olaryň biriniň ýüzünde şol günki öwrenen harpynyň baş harpyny, beýlekisiniň ýüzünde bolsa setir harpyny ýazyp bilmegi öwredip bolýar.

Çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, ruhubelent kemala gelmegi üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işler çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilimiň ilkinji başlangyç endikleri bilen tanyşýarlar, mekdebe taýýarlyk görýärler. Perzentler adamyň nesil daragtynyň dowamatydyr. Edil şonuň ýaly-da, islendik ýurduň ýagty geljegi we asudalygy onuň ýaş nesline baglydyr.

Gyzylgül Hajybaýewa, 
Aşgabat şäheriniñ
1-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi.

 

7-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle