SIZDEN GELENLER

Buýsançly  alabaý

Türkmen alabaýlarynyň syry ilkinji nobatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen açyldy. Türkmen alabaýlary iň wepaly hem- de iň duýgur, hüşgär hem- de eýesine wepaly jandar hökmünde häzirki döwürde dünýäniň çar künjünde tanalýar. Alabaý itleriniň atlary we olaryň gelip çykyş taryhyny öwrenmek üçin alymlar birnäçe ýyllaryny sarp edip, taryhda alabaý itleriň aslynyň türkmen topragynda ýaşandygyny subut etdiler. Alabaý – alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopanköpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär. Ilkinji nobatda biziň topraklarymyz bilen Mesopotamiýa topraklarynyň arasynda arabaglanşygyň bolandygyny görkezýän bu taryhy maglumatlar hakykatdan hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny açdy.

Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumylykda «aziat» diýlip tutulýar. Aslynda Altyndepe bilen Şumer baglarynyň birligi hakynda türkmen alymlaryndan başga dünýä alymlary hem bu taryhy kökleriň birligine ynanýarlar. Çünki Aldyndepeden tapylan öküz kellesi bolsa, bu taryhy yzlaryň birligini açyp görkezýän maglumatlara baýdyr. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda  geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Türkmen alabaýynyň şu günki güne çenli türkmen çopanyna wepalylygy, onuň ýüregni öz eýesine berip, mallary aman saklamak hüşgärleigine eýeligi düşündirip bolmajak tebigy hadysadyr. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Hakykatdan hem bu itlerde tebigy hüşgärligiň bolmagy bahasyna ýetip bolmajak hadysadyr. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär.

Bu Mespotamiýanyň hem soňsuz çölleri bilen birigen ýaly, reňkdeş hem ykbaldaş pikirler bir nokatlary, baglanşygy özünde jemlänligi bieln dünýä ylmynda ýer alýar. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagum çölüniň ýowuz tebigatyna döz gelip, türkmen alabaýynyň hüşgärligi saklaýşy bolsa, ýer ýüzündäki jandarlar bilen deňeşdirer ýaly däldir. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir. Dogrusy beýle wepaly jandarlar tebigatda az gabat gelýär. Alabaý bolsa, edil türkmen maşgalasynyň agzasy ýaly, hormatly hem söýgüli o rna mynasypdyr.

 Merjen Rejepowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly