TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Buýan kökünden glisirrizin turşusy öndüriler

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde beýan edildi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak we degişlilikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportynyň möçberlerini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhanany gurmak boýunça potratçyny seçip almak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi. Şonuň netijesinde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň hödürlän baha teklibi saýlanyp alyndy. Bu teklibe Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Bu senagatyň önümlerine ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmen topragynyň amatly howa ýagdaýy ösümlikleriň örän peýdaly we melhemlik häsiýete eýe bolmagy üçin ähli şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ösýän ekologik taýdan arassa türkmen buýany gymmatly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Buýan köki gadymdan bäri adamyň kesele garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak, sowuklama we böwrek kesellerini bejermek üçin giňden ulanylýar.

 

Täze ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler

Ýene-de okaň

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Teswirle