TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bütindünýä filosofiýa güni

Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji penşenbesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň baýramçylyk senenamasynda özboluşly baýramçylyk – Bütindünýä filosofiýa güni bellenilýär. Bu özboluşly baýramçylygy bellemegiň ähmiýeti nämeden durýar. Ol hem her bir medeniýetiň hem-de her bir adamyň adamzat düşünjeleriniň ösdürilmeginde filosofiýanyň ähmiýetiniň we ornunyň gymmatlydygyny görkezmek maksady bilen bellenilip geçilýär.

Filosofiýa diňe bir özüne çekiji ylmy düzgün däl, eýsem jemgyýetleri özgertmek ukybyna eýe bolan gündelik durmuşyň amalydyr. Dünýäde bar bolan intellektual akymlaryň dürlüligi bilen tanyşmak, pelsepe medeniýetleriň gepleşiklerine goşant goşýar. Oýlanmaga we konstruktiw pikir alyşmaga bolan gyzyklanmany höweslendirip, çydamlylyk we hormat ýörelgelerine has gowy hormat goýulýan jemgyýetiň döremegine goşant goşýar. Şeýlelik bilen, pelsepe döwrümiziň esasy meselelerine düşünmäge we olara jogap bermäge kömek edýär, şeýle hem üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.

Bu baýramçylygy döretmek başlangyçy ÝUNESKO guramasyna degişlidir. 2002-nji ýylda bäri ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda, onuň düzümlerinde we dünýäniň ençeme ýerinde Bütindünýä filosofiýa gününe bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär.

2005-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 33-nji mejlisinde Bütindünýä filosofiýa gününi döretmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Köp akyldarlar pelsepäniň düýp manysynyň geňdigini öňe sürýärler. Hakykatdan hem, pelsepe ynsanlaryň özleri we ýaşaýan dünýäsi bilen gyzyklanmagyň tebigy meýillerinden döreýär. Paýhasyň beýany we söýgüsi hökmünde pelsepe bize pikir hakda pikirlenmegi, esasy hakykatlary öwrenmegi we öz netijelerimizi çykarmagy öwredýär.

Asyrlaryň dowamynda dürli medeniýetlerde filosofiýa konsepsiýasy döredi we ol hem döredijilikli pikirlenmegiň düýbüni tutdy.

Häzirki günde Bütindünýä filosofiýa güni ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynyň 70-den gowragynda bellenilýär. Bu baýramçylygyň maksady, adam pikiriniň ösmegi üçin pelsepäniň dowamly gymmatyna ünsi çekmekden ybaratdyr.

Filosofiýa dürli ugurlarda emele gelip, birek-biregiň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda filosofiýa dürli ugurlary öz içine alýar. Olar – metafizika, epistemologiýa, etika, estetika, jemgyýetçilik,syýasy pelsepe we ylym pelsepesi.

Filosofiýa sözi gadymy grek filosoflaryň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Meşhur filolog we taryhçy German Dilsiň bellemegine görä, filosofiýa sözüniň ulanylýan döwri taryhçylar Gerodotuň we Fukididanyň döwürlerine baryp ýetýär.

Umuman, filosofiýa rasional pikirlenmekden ybarat bolany üçin, logika pelsepäniň esasy aýratynlygydyr.

Tawus Nepesowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle