TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bütindünýä deňiz güni

Birleşen Milletler Guramasynyň halkara baýramçylyklarynyň biri hasaplanýan “Bütindünýä deňiz güni” 1978-nji ýylda Halkara Deňiz Guramasynyň 10-njy mejlisiniň karary bilen esaslandyrylýar. Halkara derejesinde bellenilýän bu baýramçylyk 1980-nji ýyla çenli 17-nji martda bellenildi. Şol ýyldan soňra onuň senesi sentýabryň soňky hepdesine geçirilýär.

Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80%-i deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Deňizlere we ummanlara ýylda 21 million barrele golaý nebit guýulýar. Munuň özi bolsa deňizleriň hapalanmagyna we ol ýerde ýaşaýan janly organizmleriň gyrylmagyna getirýär. Bütindünýä deňiz gününiň esasy maksady, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni deňizde we ummanlarda aşa köp balyk tutmak, deňiz ýakalarynyň hapalanmagy, deňiz söwdasynyň howpsuz amala aşyrylmagy bilen bagly meseleler bolup durýar.

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Hazar deňzi özüniň tebigy gymmatlyklara baýlygy we balyklaryň birnäçe görnüşleriniň ýaşaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hazar deňzi dünýädäki iň uly yklymiçi sow howdany hasaplanýar. Geçmişe ýüzlensek, onda Hazar deňziniň üstünden dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Çünki Hazar sebitinde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Nobel baýragynyň eýeleri bu baýragy öz ýurtlarynda alarlar

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle