TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Bulut tehnologiýalary we olaryň iş-de peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen,bilime esaslanýan ykdysadyýetler döwründe ýaşaýarys.  Maglumat häzirki wagtda baýlykdyr we ony nädip paýlaşýandygymyz üstünligimiziň derejesini kesgitleýär.  Maglumat paýlaşmak we alyş-çalyş etmekde öňe gidişlik edilýär.Şeýle-de bolsa,bulut tehnologiýasynyň döremegi boldy.

Bulut hasaplamasy – maglumatlary saklamak we paýlaşmak usulymyzy täzeden kesgitledi. Paýlaşmak üçin fiziki enjamy ulanmagyň çäklendirmelerinden geçmäge kömek etdi we internetiň täze bir ölçegini adamzat taryhynda açdy.

Öňi bilen bulut tehnologiýasyň berýän amatlyklary barada durup geçeliň, bilermenleriň aýtmagyna görä.Tehniki nukdaýnazardan seredilende, bulut tehnologiýalary fiziki we programma üpjünçiliginiň çeşmelerini guramagyň bir usuly, şeýle hem ulanyjynyň öňündäki işleri ýerine ýetirmek üçin hasaplaýyş güýjüni alýan gurallar toplumydyr.

Kärhanalar we aýratyn ulanyjylar üçin bulut hyzmatlary şul bölegi öz içine alýar.

SaaS,PaaS,IaaS,FaaS

Mysal üçin,bulut hyzmatlary:poçta gmail

Resminamalar bilen  işlemek üçin: Google resminamalary,Office Web programmalary.

Öz maglumatlarymyzy saklamaga: Google Drive, OneDrive, Dropbox, ýaly şertleri bilen işleýär

Programma dükanlary: Google Play, App Store we Microsoft Store;

Bulut hyzmatlary, gysgaça düşündirişi!

1»SaaS» diýlip atlandyrylýan bulut hyzmaty.

Hyzmat hökmünde programma üpjünçiligi, internete birikdirilen islendik enjamdan maglumatlary almaga mümkinçilik berýän bulut  programma üpjünçiligi. Şeýle programma üpjünçiligini döredijiler serwerleriň we maglumat bazalarynyň işlemegini goldaýarlar.

2»PaaS» diýlip atlandyrylýan bulut hyzmaty.

Bulut hyzmatynyñ görnüşi. Platforma – Döredijiler üçin amatly. Belli bir mukdarda – RAM, disk saklaýjy, merkezi prosessor,satyn almak bilen maglumatlary bulutdan alarsyňyz. Bu ýerde islendik programma üpjünçiligini gurup, sazlap we goşup bilersiňiz.

3“IaaS” diýlip atlandyrylýan bulut hyzmaty.

Bulut hasaplamagyň bir görnüşidir, bu hyzmat, sarp edijiler isleg boýunça, internetde we töleg görnüşinde esasy hasaplaýyşy, tor we ammar çeşmelerini berýär. IaaS hyzmaty ulanyjylara, zerur bolan esasda serişdeleri köpeltmäge we gysgaltmaga mümkinçilik döredilen

4  «FaaS»diýlip atlandyrylýan bulut hyzmaty.

Hyzmat hökmünde işlemek – programma üpjünçiliginiň ösdürmäge, işletmäge we dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Esasy aýratynlygy, belli bir şert ýerine ýetirilen pursatynda belli bir funksiýany işe girizmegi.

 Bulut tehnologiýalarynyň esasy artykmaçlyklary.

Bulut hyzmaty, durmuşy aňsat we elýeterli etmek üçin döredilen tehnologiýa.Indi maglumatlary USB fleşka-da disk-da ýa-da başga zatlara ýazdyrmagyň zerurlygy ýok.Birnäçe ulanyjy bir wagtyň özünde resminamalary we faýllary redaktirläp biler.

Bulut tehnologiýalasynyn hyzmatlary brauzerde işleýär, şonuň üçin telefonyňyzda, ýa-da kompýuteriňizde haýsy operasiýa ulgamynyň bolmagy möhüm däl.Maglumat bulut serwerinde saklanýar – kompýuteriňiz ýa-da telefonyňyz döwülse-de, maglumatlary ýitirmersiňiz

 

Maksat Amanow,

 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby

 

Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle