SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: “omikron” 106 ýurtda hasaba alyndy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hepdelik hasabatyna görä, koronawirus ýokanjynyň täze “omikron” görnüşi 106 döwletde hasaba alyndy.

Guramanyň bellpä geçmeigne görä, wirusyň täze görnüşi bilen baglanyşykly kynçylyklar ýokary derejede bolmagynda galýar. BSGG-niň golaýdaky hasabatyna laýyklykda, “delta” görnüşine garanyňda, “omikron” görnüşi çalt ýaýrap, galyberse-de köpçülikleiýn immunitet derejesi ýokary bolan ýurtlarda hem giňden ýaýraýar.

Angliýada we Günorta Afrikada koronawirus ýokaşmasy sebäpli hassahana ýerleşdirilen hassalaryň sany barha artýar. Bu meselede Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy saglygy goraýyş edaralarynda ýene-de adamlarynyň sanynyň artmagynyň ähtimaldygy belleýär.

Dünýäde koronawirus ýokanjy bilen kesellän we hasaba alnan hassalaryň sany 276 milliondan geçdi. Bu barada ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlarynda bellenilip geçilýär.

“Omikron” görnüşi ilkinji gezek noýabr aýynyň ahyrynda Afrikanyň günortasynda ýüze çykdy. Ol çalt depginde ýaýrap, ABŞ-da we Beýik Britaniýada has çalt ýaýraýar.

 

Türkmenistan koronawirusyň “omikron” görnüşine garÅŸy göreÅŸi güýçlendirýär

Related posts

Beýik Britaniýa adaty durmuşa dolanýar

Ata Watan Eserleri

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlaýar

Ata Watan Eserleri

Jastin Timberleýk we Robbi Wilýams size Stambulda garaşýarlar!

Ata Watan Eserleri