TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BSGG-niň başlygy: pandemiýany aradan aýyrmak üçin 3 çözgüt

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus hormatly Prezidentimize hat iberdi. Ol öz hatynda Türkmenistanyň Prezidentine 2022-nji ýyl üçin iň gowy arzuwlaryny we Täze ýyl üçin iberilen Gutlag haty üçin hoşallygyny bildirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus milli Liderimize iberen hatynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna we onuň ählumumy howpszlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hem-de ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýan yzygiderli goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

BSGG-niň ýolbaşçysy soňky soňky 2 ýylyň hemmeler üçin örän çylşyrymly bolandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl 3 çözgütden başlandygyny belläp, şulary mälim etdi.

  • 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetler, COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmaly, sebäbi sanjym işleri hemme ýerde deň derejede geçirilende, pandemiýany aradan aýryp bileris;
  • pandemiýa garşy göreşmek Ylalaşygy boýunça gepleşikleri dowam etdirip, saglygy goraýyş babatda ählumumy howpsuzlygy berkitmeli;
  • ähli ýurtlara ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam bermeli.

Gebreýesus şonuň üçin 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygy mundan beýlek-de dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp, pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetlerimizi we ýurtlarymyzy hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn etmek ugrunda işleýändiklerini mälim etdi.

 

Täze taýçanaga “Zaman” diýlip at berildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle