SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-dan Hindistanyň “Covid-19” sanjymyna tassyknama

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Hindistanyň “Bharat Biotech” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Covaxin” sanjymynyň “Covid-19” ýokanjynyň alamatlaryna garşy 77,8 göterim täsir edýändigi yglan edildi.

Şeýlelikde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Hindistanyň ýerli “Covid-19” sanjymyny tassyklandygyny habar berdi.

Mundan başga-da, golaýda geçirilen kliniki synaglaryň üçünji tapgyrda sanjymyň agyr “Covid-19” alamatlaryna garşy 93,4% täsir edendigini mälim edildi.

“Covaxin” atly sanjymyň Hindistanda ilkinji gezek ýüze çykarylan Delta görnüşine garşy 65,2 göterim täsir edendigi habar berildi.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, Hindistanyň biotehnologiýa kompaniýasy “Bharat Biotech” bu sanjymyny  Hindistanyň lukmançylyk gözleg geňeşi bilen hyzmatdaşlykda işläp düzdi we onuň Covid-19-a garşy 77,8 göterim täsir edýändigi, şeýle hem ony saklamagyň aňsat bolandygy üçin amatly bolup biljekdigi mälim edildi.

Häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlarda sanjym işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Golaýda berlen hasabata görä, dünýäde 7 milliard dozadan gowrak sanjym edildi.

Mundan başga-da, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň peýda bolmagy bilen dünýäniň käbir ýurtlarynda çagalara hem sanjym edilmegine rugsat berildi.

Şol bir wagtda käbir döwletlerde sanjymyň 2 dozasyny alan adamlara belli bir wagtda soňra 6-8 aýdan soňra 3-nji dozanyň hem alynmagy babatda maslahatlar berilýär.

 

Türkmenistan COP26 halkara maslahatynda çykyş etdi

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär