SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: 335 million adama sanjym edildi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tutuş dünýäde 335 milliondan gowrak adamyň koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym edilendigini we sanjym zerarly hiç bir adamyň aradan çykmandygyny mälim etdi.

BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus guramanyň merkezi ştab-kwartirasy bolan Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde wideoaragatnaşyk arkaly metbugat ýygnagyny geçirdi. Ol käbir ýurtlaryň Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen işläp düzen sanjymyny ulanmagy togtadandygyny belläp, munuň bilen baglanyşykly barlaglaryň geçirilýändigini belledi.

Dünýäde 335 milliondan gowrak adamyň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini bellän Gebreýesus sanjym sebäpli hiç hili ölüm wakasynyň ýüze çykmandygyny, ýöne gynansak-da, koronawirus zerarly 2,6 milliona golaý adamyň aradan çykandygyny aýtdy. Ol sanjymlaryň gyssagly we adalatly ýagdaýda ýaýradylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

“Johnson & Johnson” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymyny gyssagly ulanmaga rugsat berlendigini bellän BSGG-niň ýolbaşçysy bu sanjymyň BSGG tarapyndan rugsatnama berlen 4-nji snajym bolandygyny hem ýatlatdy. Gebreýesus ulanylmagyna rugsat berlen snajymlaryň “COVAX” sanjymlaryň ählumumy paýlanylmagy maksatnamasynyň çäklerinde ulanyljakdygyny belläp, “Johnson & Johnson” kompaniýasyndan 500 million doza möçberinde sanjym sargyt edilendigini belledi.

BSGG-niň ählumumy sanjym maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin maliýe kömegine mätäçliginiň bardygyny, ýurtlaryň 11 milliard dollar malaiýe kömegini bermek boýunça wada berendiklerini, 22,1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerine zerurlygyň bardygyny belledi.

Beýik Britaniýanyň “JCB” kompaniýasy bilen ylalaÅŸyk baglaÅŸyldy

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar