DÜNÝÄ

BRIKS-iň çägi giňeldiler

Häzirki wagtda Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikany öz içine alýan BRIKS toparyny giňeltmek işine seredilýär. Degişli teklip, häzirki wagtda Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky BRIKS toparynyň daşary işler ministrleriniň onlaýn ýygnagyndan soň Hytaý häkimiýetleriniň beren beýanatynda mälim edilýär.

Maglumatlara görä, Pekiniň bu teklibi guramanyň beýleki agza ýurtlary tarapyndan makullandy.

BRIKS topary Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda döredildi. 2010-njy ýylda Günorta Afrika bu gurama goşuldy we şondan bäri üsti täze agzalar bilen doldurylmady. 2022-nji ýylyň başynda, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes BRIKS toparyna goşulmak isleýändigini mälim etdi. Mundan başga-da, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Indoneziýba dalaşgär hökmünde orta atylýar.

Bileleşik ýurtlarynyň köp ilaty (dünýä ilatynyň 43%-i) we tebigy baýlyklarynyň uly gorlary soňky ýyllarda bileleşikdäki käbir ýurtlarynyň (Hytaý, Hindistan) işjeň durmuşa geçirýän ykdysady ösüşi üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

 

ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýada saparda

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder