SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan ýurdumyza gelip gowşan “Ansat” kysymly şäher ilaty üçin niýetlenilen lukmançylyk maksatly täze we döwrebap dikuçar bilen tanyşdy. Şol ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesow ýene-de bir hoş habary ýetirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ministriň habar berşi ýaly, ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasynyň üstünlikli geçirilendigi barada hoş habary aýtdy. Bu operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy.

Häzirki döwürde näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, operasiýanyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi milli lukmanlarymyzyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan uly üstünligi diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Täze we döwrebap lukmançylyk dikuçary satyn alyndy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar