TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BOMKA maksatnamasynyň 10-njy tapgyryna badalga berildi

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMKA) 10-njy tapgyryna badalga berildi. Şunuň bilen baglanyşykly paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda metbugat ýygnagy geçirildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu metbugat ýygnagy esasan Gyrgyz Respublikasynda geçirildi. Aşgabatdan hem şol metbugat ýygnagyna onlaýn tertibinde gatnaşyldy.

Metbugat ýygnagynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMKA) 10-njy tapgyrynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wladimir Zaguzows maksatnama barada giňişleýin maglumat berdi. Ol bu maksatnmananyň täze tapgyrynyň 2021-nji ýylyň aprelinde badalga berlendigini belläp, onuň çäklerinde esasy 4 ugur boýunça – ýagny, serhet edaralarynyň institusional ösüşi, serhetleri dolandyrmagy kämilleşdirmek, söwda geçelgelerini ösdürmek, Merkezi Aziýa sebitinde söwdany ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýan köp sanly çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMKA) – häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän iri sebit maksatnamalarynyň biridir. Maksatnamanyň 10-njy tapgyrynyň býujeti 21,65 million ýewro deň bolup, ony durmuşa geçirmegiň möhleti 54 aýdyr.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasyna (BOMKA) 2003-nji ýylda girişildi. Şonuň esasynda maksatnama tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Her tapgyr tamamlanandan soňra täze tapgyr üçin öňki tapgyryň netijeleri boýunça meýilnama düzülýär.

Nobatdaky tapgyr serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Bu gezekki tapgyra Lawtiýanyň we Litwanyň degişli edaralary bilen bir hatarda Wengriýanyň Içeri işler ministrligi, Latwiýanyň Azyk we weterinariýa gullugy, Polşanyň serhet gullugy hem-de Italiýanyň Migrasiýa we serhet polisiýa baş müdirligi assosirlenen hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

 

 

Bred Pitti bilen Lewis Hamilton täze filmde oýnar

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle