SPORT

Boks boýunça Aziýa çempionaty Iordaniýada geçiriler

Aziýanyň Boks konfederasiýasy erkekleriň we zenanlaryň arasynda boks boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek senesini we ýerini kesgitledi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda hem boks boýunça Aziýa çempionatyny guramak göz öňünde tutulýar

Uly ýaşdaky erkek we zenan boksçylaryň gatnaşmagynda Aziýa çempionaty 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabry-13-nji noýabry aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler. Şu ýylyň martynda Iordaniýanyň paýtagtynda ýaşlaryň arasynda Aziýanyň boks çempionaty geçirilipdi.

Geçen ýyl Aziýa çempionaty Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi. Bu ýaryş türgenlere tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanmak üçin gowy mümkinçilik bolupdy.

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky boks boýunça Aziýa çempionatyny şu ýylyň 27-nji noýabry-4-nji dekabry aralygynda Yragyň Suleýmaniýa şäherinde geçirmek göz öňünde tutuldy.

Ýene-de okaň

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy