SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BMGÖM insulin bilen üpjün etmegini dowam edýär

BMGÖM süýjikeseli bejermek üçin wajyp derman bolan insuliniň ikinji tapgyryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) gowşurdy. Ikinji tagyra Noworapid, Nowomiks, Protafan insulinler girýär, şeýle hem “Nowofаýn” iňňelerini we “Nowopen” şpris ruçkalaryny öz içine alýar. Insulinler “Nowo-Nordisk” (Daniýa) öndürijisinden satyn alyndy. Bu barada guramanyň internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Insulin bilen üpjün etmek BMGÖM we TSGDSM arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýokanç däl kesellere (ÝDK) gözegçilik etmekde ýardam boýunça taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Býujeti 32,8 million amerikan dollaryna barabar bolan, bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş synalarynyň dowamly kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak, aç-açan açyk halkara bäsleşik esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy derejesinde amala aşyrylýar. Tekliplere garalanda, derman serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryna berk laýyk bolmagy göz öňünde tutulýar. Hil ölçegleriniň giňişleýin toplumyny BMGÖM web saýtynda: https://www.undp.org/publications/undp-quality-assurance-policy-health-products we anyk bäsleşik resminamalarynda tapyp bilersiňiz.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/owganystan-yslam-emirligi-turkmenistan-bilen-gatnasyklaryny-osdurer/

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy